RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY
5 Mar

Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini suw dolandyryş meselel...

DOWAMY
4 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu foruma çagyrandygy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, gadyrly doganym Rejep Taýyp Erdogana minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem, bu çäräniň guramaçylaryna şu abraýly forumda çykyş etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Forumyň ýokary derejede guralandygyny, türk doganlarymyzyň myhmansöýerligini bellemek isleýärin. Halkara g...

DOWAMY
3 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy.  Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...

DOWAMY
2 Few

Türkmenistanyň Ilçisiniň Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçyly...

DOWAMY
1 Few

Türkmenistanyň Ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähir...

DOWAMY
26 Ýan

Hindistanda tanyşdyryş çäresi geçirildi

Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna hem-de 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Hindistanyň ylmy işgärleri, ýerli medbugat wekilleri we Hindistanda okaýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.  Maslahaty açmak bilen Ilçi Ş.Geldynazarow horm...

DOWAMY