Ýaponiýada Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi

2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi.

Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylara iňlis we ýapon dillerinde maglumat bukletleri hem-de kitapçalary paýlanyldy. Şeýle hem, döwletimiziň gazanan uly üstünlikleri barada habar berýän surat synlamlarynyň we kitaplaryň sergileri gurnaldy.

Tanyşdyrmanyň dowamynda wideomaglumatlar görkezilip, Türkmenistanda gezelençde bolan ýapon gatnaşyjylarynyň çykyşlary boldy. Olar Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikelri barada aýdyp, bu ugurdaky giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, JATA-niň wekili ýylda geçirilýän, 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän, JATA-niň Bütindünýä syýahatçylyk sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna umyt bildirdi.

 

Çäräniň ahyrynda milli tagamlaryň hödür-keremi edildi.