Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak üçin şu aşakdaky resminamalar 4 nusgada berilýär:
• Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasynyň (Nýu-Deli şäheri) adyna raýatlykdan çykmak boýunça ýardam bermek hakynda arza (1 nusgada);
• degişli nusgadaky arza;
• terjimehal;
• maşgalanyň düzümi hakynda ýaşaýan ýerinden delilhat;
• ygtyýarly daşary ýurt edarasy tarapyndan arza berijiniň daşary ýurt raýatlygynyň bardygy hakynda berlen ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan halatynda, başga döwletiň raýatlygynyň beriljekdigini tassyklaýan resminamasy;
• arza berijiniň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
• arza berijiniň pasportynyň nusgasy;
• Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen, bergi borçnamalarynyň ýokdugyny tassyklaýan resminama;
• Türkmenistanyň Salgyt gullugynyň edaralary tarapyndan berlen, bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminama;
• Türkmenistanda galýan ata-enelerinden, Türkmenistanda galýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýagdaýynda bolsa, olaryň Türkmenistandaky kanuny wekilinden şolardan aliment borçnamalary boýunça talaplaryň ýokdugy hakynda kepillendirilen arza;
• 4 sany fotosurat (3x4 ölçegde);
• Konsullyk ýygymynyň tölenendigini ýa-da ony tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
• iňlis dilindäki ähli resminamalar türkmen ýa-da rus dilllerine terjime edilen bolmaly we terjimeçi tarapyndan tassyklanan bolmaly.
Elde doldurylan we ýazylan resminamalary dürs we takyk ýazmagyňyzy soraýarys.
Resminamalaryňyzy Konsullyga ibereniňizde, goşmaça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda habarlaşmak üçin telefon belgileriňizi görkezmegiňizi soraýarys.
Eger Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylmagyny sorap ýüz tutýan adamyň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bar bolsa, onda kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlara baglylykda
Eger arza beriji şol bir wagtyň özünde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny hem raýatlykdan çykarmak üçin arza berýän bolsa, onda şu aşakdaky goşmaça resminamalar talap edilýär:
• çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň we pasportynyň (bar bolsa) nusgalary;
• arzaçynyň nikalaşandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;
• perzentlige alnandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
• hossarlyk we howandarlyk bellenendigi hakynda resminamanyň nusgasy;
• ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilendigi hakyndaky resminanyň nusgasy;
• eger çaganyň ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan, beýlekisi Türkmenistanyň raýatlygynda bolmagynda galýan bolsa, onda şol çaganyň ata-enesiniň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan bilelikdäki arzasy;
• Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylamgyna on dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çagalaryň öz razylygy hem-de meýletin beýan eden, kepillendiriş tertibinde güwä geçilen ýazmaça arzasy;
• daşary ýurduň ygtyýarly edarasy tarapyndan çaganyň daşary ýurt raýatlygynyň bardygy barada berlen ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan halatynda, başga döwletiň raýatlygynyň beriljekdigini tassyklaýan resminama;
• eger Türkmenistanda ýaşaýan çagasy babatynda ata-enelik hukugyndan mahrum edilen bolsa, onda çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy hakynda hossaryň ýa-da howandaryň kepillendiriş edarasy tarapyndan tasyyklanan arzasy.