Resmi Nikada durmaýanlygy barada Delil Haty tassyklatmak:
- Türkmenistanyň Adalat ministrliginden alynan Resmi Nikada durmaýandygy hakyndaky Delil Haty Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginde tassyklanan görnüşiniň asly we nusgasy,
- Raýatyň Arzasy (Konsullyk gullugynda ýazylýar),
- Raýatyň degişli resminamalarynyň (milli we biometrik pasportynyň; wagtlaýyn ýaşamak hakyndaky ygtyýarnamasynyň (oturma izni); Eger-de öň durmuş gurup Resmi Nikasy bozulan bolsa, Resmi Nikasynyň bozulandygy hakyndaky Şahadatnamasynyň) nusgalary,
* Talap edilýän nusgalar reňkli we A4 format kagyzynda bolmalydyr.
Resmi Nikada durmaýanlygy barada Delil Haty almak üçin gerekli resminamalary:
- Raýatyň Arzasy (Konsullyk gullugynda ýazylýar),
- Raýatyň degişli resminamalarynyň (milli we biometrik pasportynyň; wagtlaýyn ýaşamak hakyndaky ygtyýarnamasynyň (oturma izni); Eger-de öň durmuş gurup Resmi Nikasy bozulan bolsa, Resmi Nikasynyň bozulandygy hakyndaky Şahadatnamasynyň) nusgalary,
* Talap edilýän nusgalar reňkli we A4 format kagyzynda bolmalydyr.
* Arzanyň jogaby 2-3 aýyň dowamynda seredilýär.