KONSULLYK HYZMATLARY
Wiza
Wiza resmileşdirmek işleri Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda şu aşakda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
Raýatlaryň kabul ediliş günleri we wagtlary:
- Duşenbe güni sagat 09:00 – 12:00;
- Sişenbe güni 09:00 – 12:00;
- Çarşenbe güni wiza üçin raýatlar kabul edilmeýär;
- Penşenbe güni 09:00 – 12:00;
- Anna güni 09:00 – 12:00;
- Şenbe we Ýekşenbe günleri dynç günleridir.
09:00-dan 13:00 çenli i wagty, 13:00 - 14:00 çenli Arakesme.
Telefon arkaly habarlaşmak üçin 14:00-dan 17:00-a çenli.
Wiza almaklyk üçin gerekli resminamalar:
- Ýuridiki ýa-da fiziki şahsyň adyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirlen çakylyk hatynyň asyl nusgasy (ýa-da göçürmesi);
- Raýatyň pasporty (we reňkli nusgasy);
- Raýatyň 3x4 görnüşli 2 sany reňkli suraty;
- Wize üçin anketa doldurmaly
Eger bu resminamalar şahsyň özi tarapyndan tabyrylmaýan bolsa, onda Notarius tarapyndan tassyklanan Ynanç haty berlen başga bir şahsyň tabşyrmagy mümkindir. Eger-de bir kompaniýa/guramanyň adyndan Ynanç haty berlen bolsa, onda şol kompaniýa/guramanyň haty bilen bu resminamalary tabyrmagy hökmanydyr.
Çagalar üçin Konsullyk hyzmatlary we wiza işleri üçin töleg:
- 7 ýaa çenli tölegsiz (wiza stikeri üçin - 15 ABŞ doll. tölenilýär);
- 7 – 16 ýaş arasyndakylar üçin 50% tölegden boşadylýar;
- 16 ýaşdan ýokary bolan raýatlar üçin 100% wiza tölegleri alynýar.
Resminamalar tabşyrylan wagtyndan başlap gyssagly 2 iş gününiň dowamynda we adaty 5 iş gününiň dowamynda seredilýär.
Wiza töleg hasaplaşygy ýuridiki ýa-da fiziki şahsyň Türkmenistanyň çäginde galjak möhletine, wizanyň derejesine we görnüşine laýyklyklykda amala ayrylýar. Ýagny:
Wizalaryň derejeleri:
- Diplomatik wiza (DP);
- Gulluk wiza (OF);
- Işewürlik wiza (BS);
- Işçi wiza (WP);
- Hususy wiza (PR);
- Talyp wiza (ST);
- Syýahatçylyk wiza (TU);
- Üstaşyr geçmek üçin wiza (TR);
- Saglygy bejergi wiza (HL);
- Sürüjilik wiza (DR);
- Çykyş wiza (EX);
Wizalaryň görnüşleri:
- Bir gezeklik (adaty we gyssagly);
- Iki gezeklik (adaty we gyssagly);
- Köp gezeklik (adaty we gyssagly);
| Bir gezeklik wizalaryň bahalary | ||
|---|---|---|
| Adaty | Gyssagly | |
| 10 günlik | 35 $ | 55 $ |
| 20 günlik | 45 $ | 75 $ |
| 1 aýlyk | 55 $ | 95 $ |
| 2 aýlyk | 85 $ | 155 $ |
| 3 aýlyk | 115 $ | 215 $ |
| 6 aýlyk | 205 $ | 395 $ |
| 1 ýyllyk | 385 $ | 755 $ |
| Köp gezeklik wizalaryň bahalary | ||
|---|---|---|
| Normal | Urgent | |
| 1 aýlyk | 75 $ | 135 $ |
| 2 aýlyk | 115 $ | 215 $ |
| 3 aýlyk | 155 $ | 295 $ |
| 6 aýlyk | 275 $ | 535 $ |
| 1 ýyllyk | 515 $ | 1015 $ |
Bellik: Konsullyk hyzmatlary we wiza paçlary üçin zerur bolan tölegler, resminamalar tabşyrylan wagtynda tölenilmelidir. Eger-de wiza almak goýbolsun edilen ýagdaýynda tölenen töleg yzyna gaýtarylmaýar.