TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄK HEM ÖSDÜRILMEGINIŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji Sammitindäki çykyşynda, şeýle hem energetiki meseleleriniň üstünde durup geçdi we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi.

“Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy YHG-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görýär” – diýip Döwlet Baştutany nygtady. Ol şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki tagalalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini beýan etdi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy bilen bagly mysallary getirdi.

Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Hususan-da, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman hem-de Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgeleriniň döredilmegi barada gürrüň edilýär.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa- Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlaryna çykmak arkaly, Hazar deňzi we Gara deňzi sebitleriniň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini has hem işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň öz içinde hem durmuş-ykdysady we logistiki ähmiýetli desgalaryň ulanylmagy bilen bagly meseleleriň öwrenilmegini teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu hereketleriň amala aşyrylmagyna Owganystanyň gatnaşmagynyň hem wajypdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýurt ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gymmatly gatnaşyjy düzümine öwrülýändir. Türkmenistanyň Baştutany: “Biz bu ugurda Owganystan üçin strategiki mükinçilikleriň bardygyny, onuň sebit we global ähmiýetli hereketlerdäki ornuny, owgan topragynda parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň gazanylmagynyň möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny görýäris” diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi (mfa.gov.tm)