TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Rişi Sunaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67375/turkmenistanyn-prezidenti-beyik-britaniyanyn-premyer-ministrini-gutlady-3