TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dialogyň şu gezekki maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilýändigi buýsançly ýagdaýdyr. Şeýle hem şu günlerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. 

Dünýä bileleşigi üçin örän möhüm gender meseleleri boýunça Türkmenistanyň gazananlary mese-mälimdir. Türkmen zenanlarynyň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni işlere giňden gatnaşmaklary munuň mysalydyr.

Muňa Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu gezekki ýyllyk jemleýji maslahaty hem şaýatlyk edýär. Bu ýere şeýle hem Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň zenan ýolbaşçylarydyr wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, žurnalistler ýygnandylar. 

Maslahat başlamazdan ozal dialoga gatnaşyjylar milli däp-dessurlary, halklarymyzyň ruhy we medeni mirasyny gorap saklaýan türkmen zenanlarynyň el hünärine ussatlygyny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazananlaryny açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. 

Şeýle hem oňyn Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, durmuş we gender syýasatynyň ýerine ýetirilişi barada ýörite wideo şekiller görkezildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýyl dialogda türkmen tarapyndan başlyklyk ediji hökmünde maslahaty açyp, oňa gatnaşyjylary gutlap, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dialogyň toplan ägirt uly tejribesini hem-de onuň zenan hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini belledi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp barýan işlerini goldandygyny hem-de aýratyn üns berendigini belledi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German dialogyň işine yzygiderli goldaw berýändigi we şu gezekki maslahatyň guralmagyna ýokary derejeli şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Soňra BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş edip, duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

Forumyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, onuň işi umumy mejlisde dowam etdi. Onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň degişli guramalarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna garaldy. 

Mejlisiň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen ähli çäreler görkezildi we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary kesgitlenildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen syýasaty amala aşyrýandygy tassyklanyldy. 

Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna goldaw berýändikleri üçin sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Bu düzüme geljek ýyl başlyklyk etmek hukugy Gazagystan Respublikasyna geçirildi.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi (mfa.gov.tm)