“AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Kongresler merkezinde çäkli düzümde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Soňra sammit Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Taraplar ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara, sebitleýin we halkara derejesinde strategiki häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem özara gatnaşyklaryň üçtaraplaýyn görnüşiniň däp bolan dostlukly, ynamdar gatnaşyklary berkitmek we gatnaşygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň şu gezekki duşuşygy, hakykatdan-da, taryhy waka, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Sammitiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen resminamalaryň özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak we giňeltmek, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmak, dünýädäki häzirki dörän ýagdaýlar bilen baglylykda örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ähmiýete eýe bolýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardylar we Türkmenistandan ugradylar.
https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3537