SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARYNYŇ ÇÄGINDE BOLUP GEÇEN ÇÄRELER

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmen-Saud Arabystany diplomatik simpoziumy geçirildi. Oňa TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri, şeýle hem Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň halkara parahatçylygy we durnuklylygy sazlamakdaky orny belläp geçildi.

Duşuşyk başlamazdan ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasyna daşary ýurt myhmanlary üçin sapar gurnaldy we olar institutda işleýän okuw studiýasy, elektron gazetiň redaksiýasy bilen, şeýle hem türkmen diplomatlaryň hünär taýýarlygynyň ugurlary bilen tanyşdylar.

Soňra, Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud TDIM-niň Halkara gatnaşyklary intitutynyň talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Çykyşda üç onýyllygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine yzygiderli seljerme berdi we soňky döwürde sebitde halkara ýagdaýyna täsir eden wakalaryň we syýasy dartgynly pursatlaryň köp bolandygyny garamazdan, Saud Arabystany bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary güýçli bolmagynda galdy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Iki ýurduň Daşary işler ministrleri Ilçihananyň esasy girelgesindäki toý bagyny kesdiler we bu çäräniň hormatyna gurlan ýadygärlik nyşanyny açdylar. Soňra ministrler binanyň jaýlary we bölümleri bilen tanyşdylar.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3543