Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ejesi Hiraben Modiniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.