TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ COVID-19 BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA ARAGATNAŞYK TOPARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy.

Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Türkmenistanyň Baştutany COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitiň umumy Mejlisinde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň netijeleri häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi.