DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP WE ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň giň alternatiw esasynda Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär.

Saýlawlara gatnaşmagyň işjeňligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda açylan 42 saýlaw uçastoklarynda-da bellendi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda daşary ýurtdaky raýatlarymyzyň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerleşýän döwletiniň ýerli wagty bilen sagat 07: 00-dan 19: 00-a çenli dowam edýär.