OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNDA YNSANPERWERLIK ÇÄRESI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ynsanperwer çäresi geçirildi.

 Çäre owgan tarapynyň haýyşy boýunça, ýaňy-ýakynda türkmen tarapynyň bu saglyk öýüni düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli gurnalyp, onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk öýüne zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri hem gowşuryldy.

Çärä Hyrat welaýatynyň we Turgundy şäherçesiniň ýerli häkimiýet, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de owganystanly türkmenler, “World Vision” halkara guramasynyň Hyratdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Oňa gatnaşan myhmanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana yzygiderli berýän ynsanperwer kömekleri üçin hoşallyk bildirdiler.  

Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsuly öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýratyn orny barada, şeýle-de dostlugyň nyşany hökmünde owgan halkyna yzygiderli berilýän ynsanperwer kömekler we geljekde meýilleşdrilýän işler barada aýtdy. 

Çäreden soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ejesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp sadaka berildi. Sadaka Turgundy şäherçesiniň we oňa golaý ýerleşen obalaryň oba geňeşleriniň ýolbaşçylary, dürli milletleriň abraýly oba ýaşulylary hem gatnaşdylar.