TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda hem maslahatyň üstünlikli guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň öz çykyşynyň dowamynda beýan eden başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti we durnuklylygy bermäge gönükdirilendir. Munuň özi, häzirki döwrüň talaby bolup, ählumumy rowaçlygyň, abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Baştutanlarynyň şu günki möhüm we ýokary derejeli maslahatyny guraýan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Jasem Mohamed Al Budaiwä we ähli wekillere minnetdarlyk bildirdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri döwlet Baştutanymyza doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Şol gün iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda sammite gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.