TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy.
Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de milli we halkara derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Çykyşda ählumumy ösüş maksatlarynyň orta we uzak möhletli milli durmuş-ykdysady maksatnamalara we strategiýalara ornaşdyrylmagynyň ýokary derejesi bellenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge, ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ykdysady işjeňligiň ähli ugurlarynda täzeçillik girizmäge gönükdirilendir. Pandemiýa döwründe Türkmenistanyň aglaba pudaklarynyň ösüşini peseltmän, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamagy başarandygy bellendi.