TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli  ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar her ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň gün tertibi barada pikir alyşdylar.