Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi işewürler maslahatyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi Hindistanyň söwda we senagat edarasynda - Millennial India International Chamber of Commerce Industry & Agriculture (MIICCIA) Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde gurnalan "Merkezi Aziýa sebitindäki işewürlik mümkinçilikleri" atly işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler, söwda ministrlikleriniň, kiçi we orta telekeçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygy, Aşgabat ylalaşygy we Demirgazyk-Günorta halkara ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek ýaly iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Ilçi Türkmenistandaky maýa goýum şertlerine ünsi çekip, ýurduň ykdysady ösüşi, strategiki döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeleriň we diwersifikasiýa edilýändigini aýtdy.

Ilçi, Türkmenistanyň daşky gurşaw meselelerini çözmekde  çemeleşmesiniň oňyn mysaly hökmünde,ekologiýa taýdan arassa we sosial taýdan iň ösen tehnologiýalary öz içine alýan şäher gurşawyny döretmekde öz beýanyny tapan 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçen ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Ilçi iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara salgylanyp, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda nebitgaz pudagy, ulag we aragatnaşyk, agrosenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty, IT tehnologiýalary ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.