Hindistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-medeni maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Nýu-Delidäki Hindi halkara merkezinde, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Hindistan-Merkezi Aziýa Gaznasy bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň-medeni dünýäsi” atly ylmy-medeni maslahat geçirildi.
Çärä Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ylmy adamlary we hindi ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Hindistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň, türkmen talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen diplomatik missiýasynyň wekilleri gatnaşyjylara beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek giň gerimli çäreler barada habar berdiler.
Maslahatda türkmen we hindi alymlary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, bilim baradaky pikirleri wagyz etmekde we köp nesiller üçin ruhy uniwersal gymmatlyklary ornaşdyrmakda döreden baý mirasyna ýokary baha berdiler.
Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döreden şahyryň hindi diline terjime edilen saýlanan eserleriniň täze ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Şahyryň eserlerini ylmy taýdan öwrenmegiň çäginde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň suratkeşleriniň çykyşlary, halk döredijiliginiň we senetçiliginiň görkezişleri, häzirki Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, milli däp-dessurlaryna we gazananlaryna bagyşlanan kitaplar we surat materiallary görekezildi.