BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli halkara meýdançalarynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen bagly islegi beýan edildi.

BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlary barada netijeli pikir alşyldy we bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde gatnaşyklary berkitmek we ýakyn wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Şular bilen birlikde, beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny bilelikde bellemek meseleler, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde ýaş nesliň ornuna bagyşlanan meseleler barada aýratyn bellenip geçildi.