Hindistanda tanyşdyryş çäresi geçirildi
Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna hem-de 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň we Hindistanyň ylmy işgärleri, ýerli medbugat wekilleri we Hindistanda okaýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahaty açmak bilen Ilçi Ş.Geldynazarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynynyň çap edilmegi we ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljek bu eseriň ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanma boljakdygy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şeýle hem Ilçi türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi barada aýytdy hem-de bu babatda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda, şol sanda Hindistanda, dabaraly çäreleriň ençemesi geçirilmegi meýilleşdirilendigini mälim etdi.
Soňra Hindistanda gulluk iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow beýik Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň berdi.
Maslahatyň barşynda Hindistanyň Deli uniwersitetiniň professory (häzirki wagtda pensiýada) Abhaý Mauraý çykyş edip, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu neşiriň döwlet derejesinde ýaşlara uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy barada aýytdy.
Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň 200 sany saýlanan goşgularynyň ýygyndysyny hindi dilinde terjime edilmegi we bu kitabyň türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny has hem ýokary derejä galdyrmak ugrunda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.