«Söwda we hyzmat — 2018» atly sergi-ýarmarka

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarka açyldy. Ol ýurdumyzda haryt bolçulygyny yzygiderli artdyrmak we hyzmatlar ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de bu ulgamlaryň geljekki ösüşini görkezmelidir.
Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aşgabatlylaryň köp sanlysy hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berendigi hem-de munuň içerki söwdanyň ýokary depginler bilen ösüşinde öz beýanyny tapandygy nygtalýar.
Milli Liderimiz Gutlagynda bu serginiň söwda ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirip, oňa gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Gözden geçirilişe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalarynyň hem-de düzümleriniň 50-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda “Türkmeneksport” kärhanasy, serhetýaka söwdasynda ýöriteleşdirilen “Howdan — Bajgyran” söwda firmasy, Aşgabat şäher bazarlar birleşigi bar. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen önümçilik-söwda birleşikleri we alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
“Mizan» täjirçilik merkezi, “Kümüş Aý”, “Ruhubelent”, “Altyn Ýyldyz” kärhanalary, “Parahat” medeni-dynç alyş merkezi jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda hyzmatlaryny hödürlediler. Sergide şeýle hem hyzmatlaryň beýleki ugurlary beýan edildi — Kompýuter tehnologiýalary merkezi tarapyndan kompýuter hyzmatlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalary tarapyndan syýahatçylyk hyzmatlary hödürlenildi.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda pudak üçin orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýan Söwda-kooperatiw mekdebi hem-de başlangyç hünär okuw mekdebi, “Şir” hokkeý kluby we “Biznes-reklama” gazeti bar.
Geçmişden geljege gezelenç serginiň esasyny düzdi. Sergi merkeziniň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyndan keşpleri alamatlandyrýan Gündogar bazarynyň şekili ornaşdyryldy. Içine bereketli saçaklar ýazylan ak öýler, kaşaň haly sergisi hem-de muzeý gymmatlyklarynyň ajaýyp toplumy gözden geçirilişiň özboluşly bezegine öwrüldi. Muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda geçmişde durmuşda ulanylan zatlar, halk senetçiliginiň önümleri bilen birlikde, häzirki zaman sungat eserlerini görmek bolýar.
Bu ýere gelýänler sergi zalynyň törüne geçip, köp asyrlaryň dowamynda söwdanyň örän özgerendigini, ýöne şol bir wagtyň özünde wajyp taryhy ýoluň ugrunda halkara söwdanyň peýda bolup başlan döwrüne mahsus bolan alamatlary hem görüp bilýärler.
Kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirilen sergi zalynyň esasy bölegi häzirki döwrüň söwda-dynç alyş merkezini ýatladýar. Onda ter gök we miwe önümleri ýerleşdirilen tekjeleri, ýurdumyzyň azyk senagaty tarapyndan öndürilen dürli görnüşli önümleri görmek bolýar. Bu ýerde sergä gelenlere türkmen tagamlary we Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlarynyň tagamlary, dürli nygmatlar hödürlenilýär.
Şu gezekki gözden geçiriliş milli söwda pudagynyň özboluşly beýanydyr. Oňa syn edip, pudagyň ösüşi, içerki bazaryň ýagdaýy, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşmak bolýar. Söwda toplumy durmuş abadançylygynyň, önüm öndürijileriň we sarp edijileriň gündelik gatnaşyklarynyň aýdyň görkezijisidir. Şu babatda söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşiniň ýokary derejesi durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlige eýe bolýandygynyň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etdi. Munuň özi içerki söwdanyň hem okgunly ösmeginde öz beýanyny tapdy. Söwda ulgamynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi aýdyň ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň döwrebap usullary peýda boldy.
Hut milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň içerki we daşarky söwdasynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy degişli düzümiň — ulag, maliýe, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň ösmegini hem-de ýurdumyzyň däp bolan harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny we ylmyň gazananlaryny ulanmak arkaly öndürilýän önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegini şertlendirdi.
Bu gözden geçirilişe Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň bilelikdäki söwda öýleri hem gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň söwda wekilhanalary Hytaýda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda, Gyrgyzystanda, Gruziýada we beýleki ýurtlarda açyldy. Şu söwda edaralary arkaly amala aşyrylýan ýokary hilli oba hojalyk we senagat önümleriniň söwdasy barha giň gerime eýe bolýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurdumyz ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hem-de onuň okgunly ösýän ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny nygtaýar hem-de pudagyň öňünde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini özleşdirmek babatda daşary bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça wezipeleri goýýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçiligi ösdürmek we türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde, ýurdumyzda çykarylýan, uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy barha giňelýär. Gözden geçirilişde hödürlenýän ýurdumyzyň azyk senagatynyň täze önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Sergi-ýarmarkada şol önümlerden dadyp görmek hem-de satyn almak mümkinçiligi döredildi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda iri söwda we söwda-dynç alyş merkezleriniň, supermarketleriň ençemesi açyldy. Söwdany guramakda hem öňegidişlikler gazanyldy: döwrebap söwda merkezlerini bezemek we olarda hyzmatlary hödürlemek häzirki zaman Ýewropa derejesine laýyk gelýär. Paýtagtymyza iri halkara söwda şereketleri gelýär. Şeýle bolandan soň, ýurdumyzyň söwda ulgamynda işleýänler öz işini dünýä ülňülerine laýyklykda guramaly bolýarlar.
Şol bir wagtyň özünde has arzan nyrhdan harytlary satýan dükanlaryň ulgamy hem ösýär. Söwdanyň ýene-de bir ugry ýörite dükanlaryň açylmasy bilen baglanyşyklydyr. Harytlary karzyna satmak, önümleri ýaşaýan ýeriňe eltmek arkaly on-laýn buýurmalar ulgamy ösýär.
Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda edara binalarynyň we söwda merkezleriniň üç gatly jaýlarynyň ýüze golaýy ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň demirgazygynda peýda bolan işewürlik toplumy lomaý hem-de bölek söwdanyň iri merkezleriniň birine öwrüldi. Bu toplumyň dükanlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen harytlar: gurluşyk serişdelerinden we senagat önümlerinden başlap, durmuşda ulanylýan himiýa serişdelerine çenli dürli önümler hödürlenilýär. Ozal şol önümleriň köpüsi daşary ýurtlardan getirilýärdi. Indi bolsa bu harytlar bahasy babatda-da amatlydyr, ekologiýa babatda-da alyjylarda uly ynam döredýär.
Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän esasy özgerişlikleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunda eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmäge, ähli pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we olary tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga aýratyn üns berler.
Bazar gatnaşyklaryny, telekeçiligi ösdürmek bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Onda ykdysadyýetiň hususy ulgamynda kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesini hem-de daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklar hereket eder, häzir işleýän döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bularyň ählisi ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam eder. Raýatlarymyzyň abadançylygy satyn alyş işjeňligini şertlendirýär. Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberiniň ep-esli azalmagy bilen birlikde, içerki söwdanyň möçberi artýar, bölek haryt dolanyşygy durnukly ýokarlanýar. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2017-nji ýylda onuň möçberi 19 göterim artdy.
Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylýan möçberleriniň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde, hyzmatlar ulgamyny we söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Täze söwda merkezleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olar ilatymyza hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtlulara edilýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrýar. Diýarymyza gelýän myhmanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Harytlaryň köp görnüşli hem-de ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň netijeleriniň biridir.
Şu gün açylan “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarka içerki bazarlarda bolçulygy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üç günüň dowamynda gözden geçirilişiň diwarlyklary bilen tanşyp bilerler. / Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /