Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň "Magtymguly - dünýäniň akyldary" atly kitabyň tanyşdyrylyşy

2025-nji ýylyň 11-njy aprelinde Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Nýu-Deli şäherinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Öz çykyşynda Ilçi Ş.Geldynazarow ilki bilen türkmen halkynyň Beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyz tarapyndan ýerine ýetirilýän işler hakynda türkmen talyplaryna gysgaça gürrüň berdi.
Şeýle hem, Ilçi çära gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly täze kitaby bilen tanyşdyrmak bilen, bu eseriň ähli halkymyz we giň okajylar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgady bolandygy mälim etdi. Bu kitabyň Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň nesilden-nesile geçirip gelýän we häzirki döwürde halkara giňişlikde wagyz edilýän özboluşly däp-dessurlarymyzyň, taryhy-medeni mirasymyzyň saklanylmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ägirt uly ähmiýete eýedigini subutnamasy bolup çykyş edýändigini belledi.
Çäräniň ahyrynda türkmen talyplary Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu ajaýyp edebi eseri üçin minnetdarlyk bildirdiler hem-de milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriniň höwrüniň köp, döwlet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler.