Pekinde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

3 – nji iýulda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynda Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä HHR-yň şahsy telekeçilik Halkara edarasynyň prezidiumynyň başlygy Wan Ýango, Hytaýyň habarlar internet Merkeziniň baş redaktory Waý Ýun, China News Service habarlar agentliginiň habarçylary, “Ženmin žibao”, “Sinhua”, Hytaýyň Halkara radiosy, «CGTN-Русский» Halkara telekanaly ýaly Hytaýyň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem “Hytaý” žurnalynyň baş redaktory Gylyç Musabaýew we Hytaýyň belli media kompaniýalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň HHR –daky Ilçisi Çynar Rüstemowa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň sport üstünlikleri barada gürrüň berdi. Duşuşyga gatnaşanlar türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
“Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen tanyşdyrylyş maslahatyň baş temasy boldy, onuň barşynda žurnalistlere awtomobil ýaryşlaryny guramakda we geçirmekde baý tejribesi bolan bu ulgamdaky belli hünärmenler we kompaniýalar bilen bilelikde alnyp barylýan toplumlaýyn iş barada anyk maglumatlar habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda geçirilýän sport çärelerine özüniň gatnaşýandygy baradaky habar maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen lideriniň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekdäki başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) taýýarlan “Amul-Hazar 2018” awtorallisine bagyşlanan wideoşekilli tanyşdyrylyş žurnalistlerde uly täsir galdyrdy.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň dünýäniň ösen sport döwletleriniň hataryna girmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler we geljekki “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdiler. / Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /