AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-de sebitleýin howplara garşy göreşmek meseleleri goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň serhetleri dolandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «CADAP», «EU-ACT» taslamalarynyň çäginde neşe serişdelerine garşy göreşmegiň, Owganystanda howpsuzlyk ugrundaky häzirki ýagdaýy we Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa we Owganystan üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ulag, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri we ýadro ýaragynyň netijelerini ýok etmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler. 

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa we bilelikdäki hereketler, şeýle-hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça Strategiýany taýýarlamagyň meselelerine seredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa ministrler derejesindäki duşuşygyna taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar.     

ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Owganystandaky ýagdaýy parahataçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmegine goldawyny bildirip, Owganystanyň gatnaşmagy esasynda ÝB-Merkezi Aziýa Howpsuzlyk boýunça gepleşigiň çäginde geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny bellediler. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /