ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR

2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady.

Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — tele we radioýaýlymlaryň, gazetleriň, žurnallaryň, Internet-neşirleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hukukçylar, kazyýet iş önümçiligi babatda hünärmenler gatnaşdylar. Olaryň öňünde maslahata çagyrylan halkara bilermenler — Russiýadan S.Çižikow hem-de Beýik Britaniýadan M.Bekerman mowzuklaýyn syn bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi türkmen döwleti durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini yzygiderli kemala getirýär. Döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy adamyň we raýatyň bähbidine kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri habar beriş serişdelerinde netijeli beýan etmegiň hem-de metbugat işgärleriniň kanunlaryň rüstemlik ýörelgeleri, hususan-da, kazyýet edaralarynyň işi hakynda bilimini artdyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar.

Maslahatyň maksady kazyýetleriň işi beýan edilende hünär edebini berjaý etmekde žurnalistleri oňyn dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Maslahat öz işini 13-nji iýula çenli dowam eder. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /