«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda  Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň Bütindünýä we strategik meseleleri öwreniş merkezi bilen «Islamabad Club» köpmaksatlaýyn merkezinde, 11-nji iýulda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gatnaşmagynda Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Astanada gurnan çäresiniň çäklerinde,   11-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi barada brifingler geçirildi hem-de tanyşdyryş wideo ýazgylary görkezildi.

Bu çärelere ýerli diplomatik korpusynyň wekilleri, sport komitetleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we syýasatçylar gatnaşdylar.

«Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we soraglar-jogaplar alyşyldy. Şu günler hem Rumyniýanyň Oraştiýe şäherinde “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyry geçirilýär we onuň çäklerinde gurnalan 3-günlük awtosergisinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanyp mahabatlandyrma işleri geçirilýär. 

Mundan başga-da, Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň internet saýtlarynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi barada degişli makalalar ýerleşdirildi.  / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /