img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu resminamanyň ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygy nygtaldy.

Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň dört sany iri halkara başlangyjy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň binýadynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenýän Akademiki merkezi döretmek, Türkmenistanyň çäginde jedelleri parahatçylykly çözmegiň anyk mehanizmi hökmünde Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek, BMG bilen bilelikde Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyny ilerletmek ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek boldy. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamaga ygrarlydygyny beýan etdi.

Halkara howplaryna garşy köpçülikleýin göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Terrorçylyga garşy  göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasyny döretmek baradaky başlangyjy jikme-jik tanyşdyrdy. Bu edara sebitde möhüm seljeriş we bilermenler platformasyna öwrüler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge hem-de ýokary hünärli diplomatik işgärleri taýýarlamaga özara taýýardyklaryny tassykladylar.