TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY DOWAM ETDI

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde zerur faktor bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji we 2016-njy ýyllardaky GFR-na bolan saparlarynyň, türkmen-german syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde zerur tapgyr bolandygy nygtaldy. Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika boýunça Federal ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Klaudiýa Dýor-Foss we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriň müdirliginiň, Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisiniň orunbasary jenap Ýoahim Bertele bilen duşuşdy we dürli ulgamlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada, şol sanda energetika, ulag-logistika we maliýe ulgamlarynda, şeýle hem bilim we medeniýet pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /