TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalygyň atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Bahreýniň wekiliýeti türkmen tarapyna türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdi we çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini belläp geçdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça özarahyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /