«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy.
«Arkalaşygyň Ýyldyzlary» baýragy 2009-njy ýylda Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Geňeş hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara Gaznasy (YHDG) tarapyndan döredilendir. Ol her ýylda ynsanperwerlik ulgamynda dünýäniň gazananlarynyň derejesine laýyk gelýän hem-de GDA gatnaşyjy-ýurtlarynyň her birine aýratynlykda we umumy mazmunda GDA-nyň ösüşine ýardam edýän has ähmiýetli üstünlikleri üçin GDA döwletleriniň wekillerine berilýändir.
Baýragyň abraýynyň we ähmiýetiniň derejesini ony alýan wekilleriň atlary we olaryň gazananlary hem aýdyň şaýatlyk edýändir. Hereket edýän döwrüniň sekiz ýylynyň dowamynda bu baýrak Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň köpsanly lukmanlaryna, medeniýet we sungat ussatlaryna, şeýle hem beýleki görnükli ylmy işgärlerine gowşuryldy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /