TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GIDROENERGETIKA BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ KONGRESINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Parižde Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresi geçirildi, onuň barşynda Pariž howa ylalaşygynyň we «Durnukly, özarabaglanşykly dünýäde suwuň güýji» şygary astynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kongrese 70 ýurtdan resmi wekiliýetler, abraýly halkara guramalarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri, bilermenler we alymlar gatnaşdylar. Onda Türkmenistana Energetika ministrliginiň we S.A.Nyýazow ad.Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti wekilçilik etdi.
Kongresiň çäklerinde gidroenergetika ulgamynda dürli temalar boýunça 37 sessiýalar we seminarlar guraldy. Gatnaşyjylara bu platformany gidroenergetika ulgamyndaky tejribeleriň hem-de başarnyklaryň alyşylmagy üçin ulanmaga mümkinçilik döredildi. Kongresiň guramaçylary Bütindünýä gidroenergetika assosiasiýasy we ÝUNESKO bolup durýandyr.
Bütindünýä gidroenergetika assosiasiýasy 1995-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygy astynda gidroenergetika ulgamynda ylmy hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ilerledilmegi hem-de ýaýradylmagy maksady bilen döredilen täjirçilige dahylsyz gurama bolup durýandyr. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /