TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI UNESCAP-YŇ 75-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 27-nji maýyndan 31-nji maýy aralygynda Bangkokda, Tailandda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Her ýylda geçirilýän ýokary derejeli bu duşuşyk Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary üçin köpugurly platforma bolup, ol durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli bolan täze hem-de derwaýys meseleler boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin hökümet baştutanlaryny, ýokary derejeli wezipeli adamlary we beýleki sebitleýin jemgyýetçilik liderlerini özünde birleşdirýändir.
Şu ýyl Komissiýa «Adamlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we ählumumy gurşawyň hem-de deňligiň üpjün edilmegi» temasyna bagyşlanýandyr. Çykyşlaryň dowamynda sebitde has wekilçilikli hökümetara guraly bolmak bilen, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň sebitde durnukly ösüşiň toplumlaýyn strategiýalarynyň işlenilip düzülmegine, şeýle hem umumy meseleleriň çözülmegi maksady bilen kadalara we geleşiklere gatnaşykda ylalaşygyň kemala getirilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtalyp geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Türkmenistanda adamlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we üpjün edilmegi, DÖM-nyň gün tertibiniň çäklerinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi» temasy boýunça çykyş etdi. Çykyşda durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistan bilen birlikde dünýäniň ähli ýurtlary üçin aýratyn derwaýys bolup durýandygy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşynda hökümetiň hususy pudak, hökümete dahylly bolmadyk guramalar we raýat jemgyýeti bilen tagallaryny utgaşdyrmagynyň takyk zerurlygyndan ugur alýandyr. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /