AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gyrgyz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň birinji syýasy departamentiniň başlygy R.M.Biibosunow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamşadylar we türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda türkmen diplomatiýasynyň suw, ulag we energetika ýaly ileri tutulýan ugurlary nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gyrgyz tarapynyň AHHG-nyň durkunyň özgerdilmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegine taýýarlygy bellenilip geçildi.    

Söwda-ykdysady mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen taraplar, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň we işewürlik-forumlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /