TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar.
Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň degişli edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe duşuşyklary geçirer. Tatarystan Respublikasynda sanly ykdysadyýet ulgamynda durmuşa geçirilýän maglumat tehnologiýalary we taslamalary bilen tanyş bolar, şeýle hem “Innopolis” şäherine we “Ideýa” atly innowasion tehnoparkyna baryp görer. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /