TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda nebitgaz we gaz himiýa pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Taraplar ammiak we azot önümçiligi ulgamynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /