AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Sanly tehnologiýalar eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň özgerdilmegi» temasy boýunça seminary öz işine başlady.
Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan seminarda ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, şeýle hem degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da seminara Russiýadan we Gruziýadan gelen halkara bilermenleri hem gatnaşýarlar.
Seminaryň maksady halkara standartlaryna we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüş talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ulgamyndaky usullaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Seminar öz işini 2019-njy ýylyň 24-nji maýyna çenli dowam eder. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /