PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etdiler.
Aral deňzini gorap saklamak meselesiniň global ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek bilen, Türkmenistan yzygiderli esasda bu ekologik çökgünliginiň oňyn çözülmegi ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallarynyň birleşdirmegi ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan özüniň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwründe Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamanyň işlenilip düzülmegini teklip etdi.
Kabul edilen rezolýusiýanyň kadalaryna laýyklykda, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksady bilen AHHG-nyň işiniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygy nygtalýandyr. Bu rezolýusiýanyň möhüm bentleriniň biri hem Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamanyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiliklerine seretmek, şeýle hem 2019-njy ýylda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, agza-döwletler we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen degişli geňeşmeleri geçirmek bolup durýandyr.
Bu ugurda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermegiň maksatnamalary bilen birlikde, Merkezi Aziýada durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda daşky gurşawyň goragy boýunça sebitleýin maksatnamalaryň işlenilip düzülmeginiň we netijeli durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.
Rezolýusiýanyň çäklerinde BMG-niň ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralaryna we beýleki guramalaryna, maksatnamalaryna we gaznalaryna, şeýle hem halkara maliýe edaralaryna Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek teklip edilýändir. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /