TÜRKMENISTAN WE ÝEWROPA BILELEŞIGI ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA GEPLEŞIKLERINI DOWAM ETDIRDILER
2019-njy ýylyň 28-30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde iş saparynda boldy.
Şol günüň ikinji ýarymynda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Тürkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Tehniki mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ýewropa tarapy Тürkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyny baglaşmak boýunça Türkmenistanyň teklibini aýratyn belläp geçdi. Şunlukda onuň ÝB-niň giňişliginde geljekki makullanylmasynyň, ÝB-ne geljekki gaz üpjünçilikleriniň prosesleri, Türkmenistanyň ýewropa bazarlaryna gazyň eksport edilmegindäki nukdaýnazarlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün türkmen wekiliýeti tehniki mejlisiň çäklerinde «British Petroleum», «Shell» we «Total» kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnamagynda bilelikdäki duşuşygy geçirdi, onuň barşynda taraplar ýangyç-energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça pikirleri alyşdylar, has takygy olaryň Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
2019-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Komissiýasynyň Energetika birleşigi boýunça Başlygynyň orunbasary M.Şewçowiç hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdirliginiň direktory D.Ristori bilen duşuşuk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ÝB-niň energetika ulgamyndaky özarahereketlerini işjeňleşdirmekleriniň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Şu maksatlara laýyklykda taraplaryň arasynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda ýokary derejede, edil şonuň ýaly hem Aşgabat ş. We Brýussel ş. iş toparlarynyň formatynda netijeli Dialogyň dowam etdirilmegi boýunýa ylalaşyk gazanyldy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /