BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat şäherine 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.N.Rumasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-belarus gatnaşyklarynyň netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmek meseleleri barada pikir alşyldy, şeýle-de GDA-nyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hakynda bellenip geçildi. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /