TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /