img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HINDISTAN RESPUBLIKASY - NÝU DELI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY

photo

2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýetirdi. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /