TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA

2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ýokary derejeli syýasy forumynyň barşynda agza-döwletler tarapyndan ýokary baha berlen Meýletin milli synyň tanyşdyrylyşynyň deslapky jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnaga gatnaşyjylara Meýletin milli synyň tanyşdyrylyşy barada tapgyrlaýyn maglumatlar berildi, ol Türkmenistanyň DÖM-ny durmuşa geçirmek hem-de olary milli maksatnamalarynda hemmetaraplaýyn ulanmagy boýunça gazanan sepgitlerine gönükdirildi. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine utgaşdyrmakdaky oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň ulag, energetika we ekologiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary dolulygyna milli syýasata ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň wezipeleriniň 84% ýurtda amala aşyrylýan milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanda jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak hem-de ýurduň ilatynyň dürli gatlaklarynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine çekmek boýunça öňde durýan hereketler bellenildi. Türkmenistanyň BMG-niň esasy strategiýasyny – 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa ornaşdyrmak işinde özüniň açyklygyny hemmataraplaýyn aýan edendigini nygtamak zerurdyr. Türkmenistan 17 sany Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, şeýle hem ýurt hem-de onuň ilaty üçin kabul ederliligine laýyklykda 169 wezipesinden 148-ni dolulygyna kabul edendir.  

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň öz saparynyň çäklerinde BMG-niň we onuň edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirendigi, şonuň ýaly-da Baş Assambleýa tarapyndan şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly kararnama laýyklykda BMG-niň we AHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişlilikdäki ugurdaş çäreleri geçirendigi nygtalyp geçildi.  

Ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi boýunça utgaşdyryjy Pudagara iş toparynyň nobatdaky iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşynyň gutarnykly jemlerine serediljekdigini bellemek zerurdyr.