AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-özbek özaragatnaşyklarynyň ösüş depginine saldamly goşant goşýan ýokary hem-de iň ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň guralmagynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdiler.

Taraplar sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki özarahereketleriň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändikleri bellenilip geçildi, bu bolsa iki ýurduň hem ykdysady we durmuş taýdan durnuklylygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändir.     

Iki halkyň umumy taryhy kökleri hakynda gürrüň etmek bilen Özbegistanyň Daşary işler ministri A.Kamilow Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan «açyk gapylar» syýasynyň ähmiýetini belläp geçdi we onuň tutuş Orta sebitinde howpsuzlygyň hem-de asudalygyň saklanylmagyna itergi berýändigini nygtady.

Gepleşikleriň barşynda taraplar suw hem-de ýer serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem ulag gurluşygy, bilim we syýahatçylyk ulgamynda iki ýurduň bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen dürli derejelerdäki saparlary alyşmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Syýasy geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020-2021-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna gol çekdiler.