TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WE DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda üstümizdäki ýylyň 10 we 11 oktýabrynda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyndan başga-da, brifingde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Beskostyý, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý.Sapiýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A. Kuçkarow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bütin ýylyň dowamynda Aşgabatda GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň hemmesiniň degişli mejlisleri geçirildi, diýip belledi. Bulara GDA döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi, Daşary işler ministrleriniň Geňeşi, 31-nji maýda geçirilen Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi we 13-nji sentýabrda geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşi girýär. Mundan başga-da, Aşgabat GDA-nyň dürli pudaklaýyn düzümleriň mejlislerini kabul etdi. Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiren hemme çäreleri uly üstünliklere eýe boldy, diýip aýratyn nygtaldy. Şeýle hem, brifinge gatnaşyjylar GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri bilen içgin tanyşdyryldy.
GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri hakynda aýtmak bilen Daşary işler ministri 2017-nji ýylda Soçi şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen işlenilip düzülen GDA agza döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Aşgabat Jarnamasyna gol çekilmeginiň wajyplygyna ünsi çekdi. R.Merdow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesini taryhy hakydanyň saklanylmagy we ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi nukdaýnazardan möhüm resminama hökmünde belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda öňe sürlen hem-de ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarahereketleriniň ilerledilmegi, şeýle hem taryhy-medeni gymmatlyklaryň saklanylmagy bilen birlikde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA agza-döwletleriniň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglanandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Çykyş edenleriň ählisi Arkalaşygyň maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtap geçdiler. Halkara giňişliginde, şol sanda BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň meýdançalarynda işjeň orun eýelemek bilen Türkmenistan özüniň oňyn bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýerýändir. Şunlukda golaýda geçirilen mejlis ýurdumyzyň tutuş sebitde we dünýäde syýasy we ykdysady integrasiýanyň gazanylmagy, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça gyşarnyksyz ygrarlylygyny ýene-de bir ýola tassyklaýandyr.