TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa we BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy N.German dagylar çykyş etdiler.

Brifingde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GH-niň Sammitiniň münberinden eden maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilendir.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku Sammiti häzirki zaman dünýäde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ornuna we ähmiýetine jikme-jik nazar salmaga, häzirki talaplaryň hem-de umuman halkara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüş mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigi aýratyn nygtalyp geçildi. Çünki forumyň şygary hökmünde “Bandung ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki dünýäniň wehimlerine bilelikde we talabalaýyk jogap berilmeginiň üpjün edilmeginiň” saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir.

Ministr adamyň binýatlyk hukuklarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň hormatlanylmagyny, ähli halklaryň özbaşdaklygynyň we çäk bitewiliginiň hormatlanylmagyny, özara gyzyklanmalaryň we hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini, adalatlylygyň we halkara borçnamalarynyň hormatlanylmagyny, ähli halkara dawalarynyň BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrylmagy ýaly esaslyk ýörelgeleriň we beýleki birnäçe ugurlaryň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzendigini aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň agza-döwletleriniň 73-niň awtordaş bolup çykyş etmeginde Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetliligi nygtalyp geçildi.

Geçirilen Sammitiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň biri hem halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrundaky tagallalar bolup durýandyr. Bu ugurda türkmen tarapynyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde degişli köpugurly resminamalarynyň işlenilip düzülmegi we kabul edilmegi bilen bu ugurdaky giň gerimli halkara gepleşikleriniň açylmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygy bellenildi.

Baku Forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda energetika howpsuzlygy temasynyň täze öwüşgine eýe bolandygy aýdyldy.

Onuň täzeçiligi Türkmen döwletiniň baştutanynyň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edendiginden ybaratdyr.

Şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň garamagyna hödürlenilmegi göz öňünde tutulýan durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky Kararnamanyň täze taslamasynda halkara energetika ulgamynyň durnuklylygynyň ýörelgesine aýratyn ähmiýet beriler.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda gozgalyp geçilen Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda, olaryň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmek boýunça işleri raýdaşlykda alyp barmaklarynyň zerurlygyna hem aýratyn üns berildi. Hut şonuň üçin hem Türkmen döwletiniň baştutany, döwletler we sebitler üçin azyk serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek meselelerine garalanda, şeýle hem islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde ýeterlikli iýmitlenmegi üpjün edilende goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň agzybir, aýgytly we berk bolmagynyň zerurlygy ugrunda çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýakyn wagtda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen - BMG-niň Azyk we oba hojalygy baradaky guramasy (FAO) hem-de BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň özarahereketleriniň takyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändir.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça has-da tutanýerli hyzmatdaşlyk etmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Ählumumy ösüş gün tertibini we Pariž Ylalaşygyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen tagallalarymyzyň birleşdirilmegi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Bu barada giňişleýin gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Sammitiň barşynda eden çykyşyndan alnan şu jaýdar sözler mysal getirildi: “Bu ýerde, hazarýaka döwletleriň biriniň paýtagtynda bolmak bilen, men Hazar deňzini, onuň ekologiýasyny, deňsiz-taýsyz biologik köpdürliligini gorap saklamagyň bütindünýä ähmiýetini bellemän geçip bilmeýärin. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Biz bu mesele boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak barada başlangyç bilen çykyş etmekçi bolýarys we Goşulyşmazlyk hereketiniň bizi hemmetaraplaýyn goldajakdygyna ynanýarys”.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle-de brifinge gatnaşyjylara şu ýylyň 21-23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş sapary barada habar berdi. Saparyň çäklerinde türkmen-ýapon işewürlik maslahaty we ýokary derejedäki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň saldamly bukjasyna gol çekilendigi barada aýdyldy.

Mundan başga-da brifinge gatnaşyjylara Malaýziýanyň Premýer-ministri doktor Mahathir Mohammedyň 2019-njy ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri barada hem gysgaça habar berildi.