GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ WEKILLERI TERRORÇYLYGA GARŞY HYZMATDAŞLYK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi.
Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar howpsuzlygyň global we sebit derejedäki garşylyklaryny we howplaryny ara alyp maslahatlaşdylar, halkara guramalaryň çäklerinde terrorçylyga garşy göreş boýunça bilelikdäki işi giňeltmek mümkinçiligine seredip geçdiler. BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň terrorçylyga garşy göreş babatda halkara hyzmatdaşlykdaky orny hem-de maliýe goldawy hakynda bellenip geçildi. Taraplar GDA-nyň we onuň pudak edaralarynyň strategiki hyzmatdaşlyk üçin esasy meýdan hökmünde wajypdygy barada aýtdylar. Gatnaşyjy ýurtlaryň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliginiň, şeýle-de gerekli hukuk kömeginiň berilmeginiň üstünde durlup geçildi.
Şeýle hem, taraplar ekstremizme, ilaty radikallaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek maksatly öňüni alyş çäreler barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, raýat jemgyýetçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu meselä çekilmeginiň zerurlygy bellenildi. Bolup biljek howplara wagtynda seslenmek üçin döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýörite okuwlary geçirmek mümkinçiligine seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeleriň Teswirnamasyny kabul etdiler.