TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AHHG-NYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryndaky umumy maksatlaryň amala aşyrylmagyndaky işjeň tagallalary babatynda minnetdarlyklaryny beýan etmek bilen, köpugurly özarahereketleriň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Başlyklyk etmeginiň çäklerinde häzirki wagtda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň, şeýle hem dördünji «Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamasynyň» (ADBM-4) işlenilip düzülmeginiň meseleleriniň ara alyp maslahatlaşmasy geçirilýär.

Bütindünýä banky Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamasynyň işlenilip düzülmegine gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdi. Maksatnamada sebitleýin duşuşyklaryň hem-de çäreleriň geçirilmeginde, şeýle-de Merkezi Aziça Suw strategiýasynyň taýýarlanylmagynda halkara bilermenlik we maslahat beriş hyzmatlarynyň hem-de maliýe goldawynyň berilmeginiň meseleleri takyklaşdyrylandyr.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Bütindünýä banky bilen Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda Merkezi Aziýanyň gidrometerologiýa gulluklaryny kämillişdirmek üçin taslamany Goşmaça maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşygyň resmi gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Bütindünýä bankynyň wekiliýeti, AHHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň wekilleri hem-de KHBS wekilleri gatnaşdylar.