TÜRKMENISTANDA “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2020-2024-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa we Wena bölümleriniň ýanyndaky Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.
Bu duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň milli strategiýasyndan gelip çykýan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri we terrorçylyga garşy göreş çygrynda döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bu resminama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kabul edildi. Türkmenistanyň ministrliklerine, pudak edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurda eden netijeli işleriniň üstünde hem durlup geçildi.