TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda akkredirilenen Türkmenistanyň Ilçileri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.

Brifingde Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy G.Baýjanow, Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa şeýle-de “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejepow çykyş etdiler.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň AHHG-niň çäklerinde alyp barýan işleriniň netijeleri bilen, şol sanda Aral deňzi basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça maksatnamasynyň işläp taýýarlanylmagy we Daşky gurşawy goramak boýunça işleriň sebitleýin maksatnamasy bilen tanyş boldular. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan AHHG-niň esasy maksadyny durmuşa geçirmäge – Aral deňzi basseýniniň ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga goşant goşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen, Türkmenistan ekologiki çökgünligi çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagalalarynyň geljekde jebislendirilmeginde esasy orny eýeleýär.

Brifingiň dowamynda gatnaşyjylar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen we diňe Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda däl-de, eýsem bütin Ýewraziýa yklymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny emele getiren Birinji Hazar ykdysady forumynyň möhüm ähmiýeti barada tanyşdyryldylar. Bu forum söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle-de gatnaşyjylara Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegine we Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, maglumatlary özünde jemleýän ýörite neşirler bilen hem tanyşdyryldy.